Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär. Berliniň tehniki uniwersitetiniň professory Martin Rolfsyň düşündirmegine görä, dünýäni duýmak diňe gözleriň duýgurlyk häsiýetlerine däl, eýsem olaryň hereketine hem baglydyr. Bu ýerde «sakkada» diýlip atlandyrylýan hereketler göz öňünde tutulýar. Sakkadalar – bu adam bir zada üns berende, gözleriň öz-özünden we gaty tiz hereket etmegidir. Bu hereketler gözleriň torly bardasynyň (setçatkasynyň) iň duýgur bölegini wajyp obýekte çalt gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Sakkadalar gaty tiz, onlarça millisekuntda bolup geçýär we adam muny aňşyrman galýar. Beýni şekiliň durnuklylygyny saklamak üçin, bu hereketleri «pozýar». Professor Rolfs we kärdeşleri 18 bilen 40 ýaş aralygyndaky 70 meýletinçiniň gatnaşmagynda synag geçirdi. Synagda gatnaşyjylara ekranda hereket edýän garşylyklaýyn zolaklar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, alymlar gözleriň hereketini yzarlap, zolaklaryň hereket ugruny sakkadalaryň wagtyna görä sazlapdylar. Netijede, şeýle ýagdaý ýüze çykdy: eger-de zolaklaryň hereketi gözleriň sakkadasyna gabat gelse, olar bu hereketi bütinleý görmeýärdiler. Olara zolaklar birden ýerinden başga bir ýere geçýän ýaly bolup görünýärdi. Bu bolsa hereketi görmegiň tizliginiň sakkadanyň tizligine we häsiýetine baglydygyny görkezýär. Ýagny, has çalt sakkadaly adamlaryň görüş reaksiýasy has ýokary bolýar. Alymlar bu ýagdaýdan peýdalanyp, adamlaryň ýa-da haýwanlaryň hereket edýän zatlara näderejede tiz reaksiýa berýändigini çalt ölçemegiň mümkindigini belleýärler.