Ýaponiýanyň Rýukýu uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, adamyň derisiniň gaýtadan dikeliş tizligi beýleki süýdemdirijilere we gemrijilere garanyňda has haýal bolýar. Munuň sebäbi, adamlarda tüý follikulalarynyň ýitmegi we der mäzleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Proceedings of the Royal Society B: Biological Sciences» žurnalynda çap edildi. Barlagyň dowamynda, alymlar Keniýada ýabany pawianlara (süýri tumşukly uly maýmynlara) gözegçilik etdiler we olaryň ýaralarynyň has çalt bitýändigini anykladylar. Alymlar şeýle hem deri çişlerini aýyrdyp, bejergi alan 24 hassanyň ýagdaýyny öwrenip, netijeleri şimpanzeler we beýleki primatlar bilen, şeýle-de syçanlar we alakalar bilen deňeşdirdiler. Netijede, adamlaryň derisi günde, takmynan, 0,25 millimetr tizlikde dikeldildi, bu bolsa beýleki primatlaryňky bilen deňeşdirilende, üç esse diýen ýaly haýal bolup çykdy. Olaryňky günde, takmynan, 0,61 millimetre barabardy. Munuň sebäbi ewolýusiýa bilen düşündirilýär: haýwanlaryň derisi ýaralaryň bitişini çaltlaşdyrýan kök öýjüklerini öz içine alýan tüý follikulalary bilen örtülendir. Adamlar bolsa ewolýusiýanyň netijesinde, endamyndaky tüýleriň köp bölegini ýitiripdir, emma der mäzleriniň sany bolsa, şimpanzelere garanyňda 10 esse köpelipdir. Bu ýagdaý bedeni sowatmak üçin has netijeli bolupdyr, ýöne regenerasiýany, ýagny deriniň täzeden dikeldilişini haýalladypdyr. Alymlaryň pikirine görä, adamyň derisiniň sowap bilmek ukyby her näçe ýaralaryň haýal bitmeginiň kemçiliklerinden has möhüm ýaly bolup görünse-de, bu haýallygyň öwezini ata-babalarymyz geçmişde jemgyýetçilik goldawy we tebigy bejeriş serişdeleriniň ulanylmagy bilen dolupdyrlar. Mysal üçin, käbir adampisint maýmynlar häzirki wagta çenli hem ýaralaryny bejermek üçin dermanlyk ösümlikleri ulanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir