Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň ýanwar aýynda Hakuto-R Mission 2 missiýasynyň çäginde uçurylan Resilience Aý moduly Aýyň orbitasyna üstünlikli girdi. Apparaty 5-nji iýunda Ýeriň hemrasynyň üstüne gondurmak meýilleşdirilýär diýip, işläp düzüjiler habar berdiler. Apparat Firefly Aerospace-iň Blue Ghost amerikan moduly bilen bilelikde Falcon 9 raketasynda uçuryldy. Blue Ghost Aýa çalt baryp, mart aýynyň başynda gondy we iki hepdelik ylmy programmany üstünlikli tamamlady. Resilience başga ugur bilen gidip, dört aý töweregi uçdy, şeýle ugur ýangyç tygşytlamak üçin saýlanyp alyndy. Apparat indi bir aý töweregi orbitada galar we soňra Sowuklar Deňzi sebititine gonmaga synanyşar. Modulda üç sany ylmy gural we kiçeňräk rower bolan Tenacious bar. Ol ispace bilen NASA-nyň arasyndaky şertnamanyň çäklerinde gonan ýerinden Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamaly. Şeýle hem, Aýda şwesiýaly suratkeşiň skandinawiýa äheňinde ýasan kindiwanja jaýyny oturtmak meýilleşdirilýär. Resilience ispace-iň ikinji Aý modulydyr. Birinjisi Hakuto-R Mission 1 missiýasynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň dekabrynda uçuryldy, ýöne beýiklik datçiginiň ýalňyşlygy sebäpli 2023-nji ýylyň aprelinde Aýa gonjak bolanda gaçyp döwüldi. Şondan soň kompaniýa ulgamy kämilleşdirdi we indi missiýanyň has üstünlikli tamamlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Üstümizdäki ýylyň mart aýynda Intuitive Machines-iň Athena moduly hem Aýa gonmaga synanyşdy, emma ol agdaryldy we öz ylmy programmasyny ýerine ýetirip bilmedi. Geçen ýyl şuňa meňzeş şowsuzlyk ondan öňki Odisseus modulynda hem ýüze çykdy.