Hytaýyň Baidu kompaniýasy haýwan seslerini adam diline terjime edip biljek tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi. Bu barada South China Morning Post habar berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik müdirligi ony diňe 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda neşir etdi. Resminama laýyklykda tehnologiýa haýwanlaryň özüni alyp barşyny seljermek üçin neýroulgamy ulanar. Ulgam sesi, beden dilini, özüni alyp barşynyň üýtgemegini we beýleki alamatlary göz öňünde tutup biler. Bu maglumatlara esaslanyp, ol haýwanyň “duýgusyny” kesgitlär we sesleri adamlara düşnükli dile öwrer. Işläp taýýarlaýyşda emeli aňyň dürli ugurlary, şol sanda maşyn okuwyny ulanar. Eger ulgam ses boýunça bir duýgyny tanap bilmese, kompaniýanyň hünärmenleri maglumatlary elde bellärler, nusgany täzelärler we algoritmi sazlarlar. Işläp taýýarlaýjylaryň tassyklamagyna görä, bazarda itleriň, pişikleriň we totuguşlaryň sesini terjime edýän onlarça programma bar. Emma, Baidu-nyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle programmalar diňe ses ýa-da ýüzüň mimikasyna salgylanýar, bu bolsa takyklygy çäklendirýär. Kompaniýa bir taraply çemeleşme haýwan duýgularyny dogry tanamaga päsgel berýär diýip hasaplaýar. Baidu-y laýyk täze programmany çykarmagy meýilleşdirýärmi ýa-da ýok, entek belli däl. Patentlemek üçin berlen arza onuň derrew alynjakdygyny aňlatmaýar. Oňa garamak prosesi bir ýyldan bäş ýyla çenli çekip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir