The Walt Disney Company Abu-Dabide tematik seýilgäh-dynç alyş merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Täze dynç alyş merkezi Disney-iň Ýakyn Gündogardaky ilkinji taslamasy bolar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Täze dynç alyş merkezi meşhur güýmenje we dynç alyş nokady hökmünde tanalýan Ýas adasynda ýerleşer. Ýas adasy Ýakyn Gündogardan, Afrikadan, Hindistandan, Aziýadan, Ýewropadan we beýleki sebitlerden syýahatçylary özüne çekýän möhüm merkezleriň biridir. Disney-iň ýedinji tematik seýilgäh-dynç alyş merkezi meşhur Disney hekaýalaryny, gahrymanlaryny we attraksionlaryny Abu-Dabiniň baý medeniýeti, kenarýaka görnüşleri we özboluşly arhitekturasy bilen utgaşdyrar. Täze «Disneýlend» Abu-Dabidäki öňdebaryjy güýmenje taslamalary bilen tanalýan Miral kompaniýasy tarapyndan gurlar. Taslamanyň döredijilik işlerine bolsa Disney-iň suratkeşleri we dizaýnerleri ýolbaşçylyk eder. «Abu-Dabi – mirasyň innowasiýalar bilen duşuşýan ýeri. Biz bärde geçmişimizi gorap saklamak bilen, geljegimizi taslaýarys» — diýip, Miral kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mohamed Halifa Al Mubarak aýtdy. Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň ähli ilatynyň üçden bir böleginiň bary-ýogy dört sagatlyk uçuş aralygynda ýerleşýär. Bu bolsa ýurdy syýahatçylykda möhüm geçelgä öwürýär. BAE dünýäniň iň uly howa gatnaw merkezleriniň biri bolup durýar, Abu-Dabi we Dubaý şäherleriniň üsti bilen ýylda 120 million ýolagçy uçup geçýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir