Fizikler dünýäniň iň güýçli elementar bölejik tizlendirijisi bolan Uly adron kollaýderinde ilkinji gezek gurşuny altyna öwürmegi başardylar. Bu barada «Newsweek» habar berýär. Asyrlarboýy «hrizopeýa», ýagny gurşuny altyna öwürmek mümkin däl diýip hasap edildi. Bu iki metal agram taýdan meňzeş bolsalar-da, atom derejesinde tapawutlydylar, şol sebäpden hem olary himiki usullar arkaly biri-birine öwürmek mümkin däldi. Emma Ýewropanyň ýadro gözlegleri boýunça guramasynda (CERN) geçirilen synaglar munuň mümkindigini subut etdi. Synaglaryň esasy maksady – maddanyň örän gyzgyn we dykyz ýagdaýy bolan kwark-glýuon plazmasyny döretmekdi. Alymlaryň pikirine görä, Älem Uly partlamadan soň şu plazmadan doly bolupdyr. Synaglaryň dowamynda, gurşun ýadrolary ýagtylygyň tizliginiň 99,999993%-ine çenli tizlendirildi. Ýadrolar biri-biri bilen çaknyşjak ýaly bolýardylar, ýöne soňky pursatda sowlup geçip gidýärdiler. Netijede, fotoýadro reaksiýalary başlanýardy. Seýrek ýagdaýlarda bu reaksiýalar gurşun ýadrolarynyň (82 protonly) üç proton ýitirip, altyna (79 protonly) öwrülmegine sebäp bolýardy. Bu proses her sekuntda 89 müň öwrüliş tizligi bilen bolup geçýärdi, ýöne döreýän altyn atomlary tiz dargap gidýärdi. Her näçe alymlar gurşuny altyna öwürmegiň mümkindigini subut etseler-de, önümçilik üçin UAK-ni ulanmak gowy pikir däl. Sebäbi, synaglaryň dowamynda alnan altynyň mukdary örän ujypsyz, hatda bir ýüzük ýasamak üçin zerur bolan mukdardan hem trillionlarça esse az. Gymmat bahaly metalyň diňe bir gramyny öndürmek üçin, kollaýder kwadrillionlarça ýyllap işlemeli.