BMW Group ýylyň ilkinji çärýegini 2,17 mlrd ýewro girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,4% pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi hem 7,8% peselip, 33,76 mlrd ýewro boldy. Maliýe görkezijileri analitikleriň çaklamalaryndan pes boldy, emma beýleki bäsdeşlerinden tapawutlylykda, kompaniýa 2025-nji ýyl üçin oňyn çaklamalaryny saklaýar. BMW-niň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, ABŞ bilen beýleki ýurtlaryň jogap hökmünde girizen gümrük paçlarynyň täsiri wagtlaýyn bolar. Kompaniýa görä, girizilen paçlar onuň ykdysady görkezijilerine iň uly täsirini iýul aýynda ýetirer. Mundan ozal Stellantis, Volkswagen we Mercedes-Benz kompaniýalary 2025-nji ýyl üçin çaklama bermekden ýa-da paç çaknyşyklarynyň mümkin bolan täsirlerini bahalandyrmakdan saklanypdylar. Mart aýynyň ahyrynda, Donald Tramp ABŞ-a getirilýän ähli awtoulaglara 25%-lik gümrük paçlaryny girizdi. 29-njy aprelde bolsa, Tramp awtoulag öndürijilerine käbir ýeňillikleri girizýän karara gol çekdi. Karara laýyklykda, eger-de awtokonsernler awtoulaglaryň importy üçin eýýämden 25% paç töleýän bolsalar, onda olar Kanadadan we Meksikadan getirilýän alýumin bilen polat üçin goşmaça paçlardan boşadylýar. Şeýle hem öndürijiler import edilýän şaýlaryň käbiriniň bahasy üçin paç ýeňilliklerine dalaşgär bolup bilerler, emma bu ýeňillikler hem öňümizdäki iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn ýatyrylar.