Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar. Bu goýberilýän demiň düzümindäki ujypsyz üýtgeşmeleri, mysal üçin, ammiagyň we azot saklaýan beýleki birleşmeleriň, ketonlaryň, aldegidleriň we sulfidleriň yzlaryny bellige almaga mümkinçilik berýär. "Biziň datçigimiz ötüşen böwrek keseliniň bardygyny 93% ýagdaýda anyklamaga we 86% ýagdaýda onuň ýokdugyny dogry kesgitlemäge ukyplydyr. Bu tehnologiýa diňe bir dowamly böwrek keselini ýüze çykarmaga mümkinçilik bermän, eýsem lukmanlara hassalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine gözegçilik etmek we keseliň ösüşiniň tebigatyny üýtgetmek üçin täze mümkinçilikleri döreder" – diýip, barlagda aýdylýar. Tehnologiýany Tor Wergata uniwersitetiniň professory Korrado di Nataleň ýolbaşçylygyndaky topar işläp düzdi. Synaglara 50 sany sagdyn meýletinçi, şonça-da mukdarda hem şol kesel bilen kesellän näsaglar gatnaşdy. Datçikler lukmançylyk agyz-burun örtüklerine dakylyp, goýberilýän demiň düzümini ýazga aldylar. Ozal şeýle seljermeler diňe mass-spektrometrli barlaghanalarda geçirilýärdi. Täze datçik keseli laboratoriýalaryň daşynda kesgitlemegi amatly edip, hassalara gözegçiligi ýönekeýleşdirer. BSGG-niň maglumatlaryna görä, dowamly böwrek keselinden dünýäde, takmynan, 880 million adam ejir çekýär. Olaryň ýaýramagy süýji keseli bilen keselleýänleriň we semizleriň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir