SAIC Volkswagen bilelikdäki kärhanasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Volkswagen Tiguan L Pro krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Model güýçli hereketlendiriji, opsiýalaryň giň toplumy we ömürlik kepillik bilen elýeterlidir. Hytaýda bu model 236,8 - 266,8 müň ýuan (takmynan 32,7 - 36,9 müň dollar) aralygyndaky bahadan hödürlenýär. 31-nji maýda milli subsidiýany hasaba almazdan, 58 müň ýuana çenli (8 müň dollardan gowrak) arzanladyş bar. Krossower 220 at güýji bolan 2,0 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji we “çygly” ssepleniýeli 7 tizlikli robot DSG geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. 5,8-6,3 sekuntda 100 km / sag tizlige çykýar. Ýangyç sarp edişi 100 km üçin 7,27- 7,8 litre çenli. Model alty sany komplektasiýada hödürlenýär, olaryň ikisi tekerleri doly hereketlendirýän ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Krossower ajaýyp dizaýny, baý enjamlary we tehniki häsiýetnamasy bilen eýýäm ünsi özüne çekdi.