Audi täze «A6 sedan» we «A6 Avant» ulaglarynyň tokdan zarýad alýan gibrid görnüşlerini tanyşdyrdy. Öňki modellere garanyňda, täze wersiýalaryň batareýasy 45% ulalyp, 20,7 kWt⋅s sygyma ýetirilipdir. Bu bolsa WLTP standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen sedanda 111 km, uniwersalda bolsa 106 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär. Model hatarynda iki görnüş bar: esasy görnüş 295 a.g. eýe bolup, 100 km/sag tizlige 6 sekuntda ýetýär. Has güýçli görnüşi bolsa 362 a.g. bilen şol tizlige 5,3 sekuntda ýetýär. Diňe elektrik režiminde ulagyň iň ýokary tizligi 140 km/sag bilen çäklenýär, ýöne benzinli hereketlendiriji hem işe goşulanda iň ýokary tizligi 250 km/sag ýetýär (elektron çäklendiriji bilen). Kämilleşdirmeleriň arasynda 11 kWt-da gurlan zarýad enjamy bar, ol batareýany 2,5 sagatda doly zarýadlaýar. Içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen zarýad bermek 65 km/sag tizlikden ýokary ýagdaýda mümkin, ýöne batareýanyň 75%-ine çenli çäklendirilýär. Doly zarýad üçin elektrik ulgamyna birikdirmek zerur. Ulaglaryň ikisinde hem goşa ssepleniýeli awtomatiki geçiriş karobkasy we Quattro doly herekete getiriji ulgamy bar. Beýik Britaniýada 295 a.g. bolan esasy sedan görnüşiniň bahasy 61 müň 755 funt sterlingden, uniwersalyňky bolsa 63 müň 705 funt sterlingden başlaýar. 362 a.g. bolan görnüşi 8000 funt has gymmat bolup, onuň düzüminde sport asma ulgamy, ulaldylan tekerleri we gyzyl tormoz supportlaryny öz içine alýan S line bukjasy bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir