Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b.e. öňki 800–450-nji ýyllar) degişlidir diýip, Arkeonews neşiri ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri 427 metr beýiklikdäki sönen wulkanyň üstünde geçirildi. Gözleg işlerinde metal gözleýjiler, magnit aňtawy, lidar we meýdan barlaglary ulanyldy. Tapyndylaryň köpüsi günorta-gündogar platoda jemlenipdir. Jemi 900-den gowrak metal predmet tapyldy. Olaryň arasynda şaý-sepler, gülýakalar, bezeg diskleri (ähtimal harby tapawutlandyryş nyşanlary) we seýrek alp görnüşli naýza bar. Iki hazyna keramiki küýzelerde gömlüpdir. Olary döwmän, tutuşlygyna çykarmak başartdy. Arheologlar gaplaryň bitewiligini bozmazdan, olaryň içindäki zatlaryň ýerleşiş tertibi öwrenmek üçin KT barlagyny geçirdiler. Barlagçylaryň pikirine görä, artefaktlaryň düzümi we ýerleşişi söweşiji elita bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň bardygyny görkezýär. Ozal şu sebitden irki demir asyryna degişli, jaýlanyş bilen bagly zatlary öz içine alýan mazarlar tapylypdy. Şol döwürde bu ýerde kimleriň ýaşandygy entek takyk belli däl. Şeýle-de bolsa, tapyndylar bürünç we demir asyrlarynyň arasyndaky geçiş döwründe sebitiň medeniýeti, däp-dessurlary we mirasy barada pikirlenmek üçin maglumat berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir