Orta agramda UFC-niň öňki çempiony awstraliýaly Robert Uittaker UFC on ABC 9 ýaryşynda niderlandly Renýe de Riddere garşy söweşer. Söweş 26-njy iýulda Abu-Dabide geçiriler we agşamyň esasy wakasy bolar diýip, liganyň metbugat gullugy habar berdi. Uittaker 34 ýaşynda. Ol 26-njy oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 308-de bolan soňky söweşinde birinji raundda agyryly usul bilen Hamzat Çimaýewden ýeňildi. Uittakeriň hasabynda 26 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar. Onuň ýaşytdaşy Renýe de Ridder orta we ýarym agyr agramda One Championship-iň çempiony boldy. Ol UFC-de yzygider üç ýeňiş gazandy. Soňky söweşini 3-nji maýda UFC on ESPN 67 ýaryşynda geçirdi we onda amerikaly Bo Nikaly tehniki nokaut bilen ýeňdi.