Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär. Zawodyň 500 töweregi iş ýerini döretmegine garaşylýardy. Gurluşygy goýbolsun etmek karary häzirki ykdysady ýagdaýda maýa goýumlaryň pes netijeliligi bilen düşündirilýär. Döwlet subsidiýasy 55,7 milliard ýena çenli bolup bilerdi. Onda 2028-nji ýylyň iýulyna çenli önümçilige başlamak meýilleşdirilipdi. Zawodyň ýyllyk kuwwatynyň 5 GWt·s-a ýetmegine garaşylýardy. Taslama elektrik ulagyny ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidi. Emma aprel aýynda Nissan-yň baş müdiriniň wezipesni Iwan Espinosa eýeledi. Ol üýtgedip gurmaga başlady: kompaniýa işgärleri gysgaldýar, zawodlaryny ýapýar we önümçiligiň göwrümini kiçeldýär. Şol aýda hem Nissan soňky maliýe ýylynda 750 milliard ýena (takmynan, 5,14 milliard dollar) töweregi arassa ýitgi çekjekdigini çaklapdy. Öňümizdäki günlerde kompaniýanyň ýolbaşçylary täzelenen maliýe çaklamasyny we dikeldiş meýilnamasyny hödürlemegi wada berýär. Gurluşygyň ýatyrylmagy kompaniýanyň uzak möhletleýin strategiýasyna täsir edip we elektrik ulaglarynyň hatarynyň ösüşini haýalladyp biler diýip, Reuters belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir