Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi. Amerikan kompaniýasy Hytaýdaky esasy müşderilerine eýýäm iýul aýynda üýtgedilen H20 çibini çykarmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu ädim – ABŞ-nyň Hytaýyň ösen ýarymgeçirijilere elýeterliligini çäklendirmek tagallalaryna garamazdan, Nvidia-nyň hytaý bazarynda öz ornuny saklamak synanyşygydyr. Ozal satmak üçin Hytaýda tassyklanan H20 çibi Amerikanyň onuň üçin eksport ygtyýarnamasyny talap etmeginden soň gadagan edildi. Çeşmeleriň biri müşderileriň çip öndürijiligini sazlamak üçin onuň konfigurasiýasyny üýtgedip biljekdigini belledi. Nvidia bu ýagdaýa teswir bermedi. ABŞ-nyň Söwda ministrligi hem Reuters-iň ýüzlenmesine jogap bermedi.