«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy. Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda bolsa «Arkadag» hasaby 2:1 edip, ýeňşi öz tarapyna agdyrdy. «Arkadag» FK-nyň düzümimde Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112) gol geçirdi. «Svay Rieng» toparynda ýeke-täk goly Krýa Saret (82) geçirdi. Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» FK-nyň futbolçysy Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir