Russiýanyň Artezio kompaniýasynyň analitikleri iň howpsuz messenjerleriň her ýylky sanawyny täzelediler. Bilermenleriň pikirine görä, howpsuzlygyny ýitiren meşhur Telegram messenjeri 2025-nji ýylyň sanawyndan aýryldy. «Hi-Tech Mail.ru» portaly tarapyndan çap edilen gözlegde bilermenler 40-dan gowrak messenjeri habarlaşmagyň 60-dan gowrak gorag ugry boýunça barladylar. Hususan-da, haker hüjümlerine garşy durnuklylyk, hatlaryň tutulmagy we maglumatlaryň paş edilmezligi, şifrleme ygtybarlylygy hem-de trafik bilen işleýän algoritmler göz öňünde tutuldy. Netijede, iň howpsuz diýlip ykrar edilen bäş messenjeriň sanawy: Signal — ABŞ-da işlenip düzülen, sada interfeýsli açyk çeşmeli messenjer. Hatlaryň mazmunyny «end-to-end encryption» arkaly şifrleýär, ulanyjylaryň maglumatlaryny saklamaýar we mahabat görkezmeýär. Olvid — hasaba alyşda telefon belgisi ýa-da e-poçta talap etmeýän, aldawçylara garşy ýerli gorag ulgamy bolan fransuz messenjeri. Threema — hasaba alyşda telefon belgisi talap etmeýär. Şahsy we iş çatlaryny aýry saklamak üçin «izolirlenen giňişlikler» tehnologiýasyny goldaýar. Element (Matrix) — maglumatlary merkezleşdirilmedik serwerlerde saklaýan açyk çeşmeli messenjer. Session — Oxen blokçeýnine esaslanýan messenjer bolup, maglumatlaryň gizlinligini üpjün edýär, şeýle-de onuň arhitekturasy aýratyn tor düwünleri bozulan halatynda-da goragy üpjün edýär. Iň howpsuz on messenjeriň hatarynda şeýle hem Wickr, Wire, Apple iMessage, WhatsApp we Viber bar. Analitikleriň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylda howpsuzlyk syýasatyna girizilen üýtgeşmeler sebäpli, Telegram ygtybarlylyk boýunça ep-esli yza galdy. Şeýle-de Telegram-daky ähli söhbetdeşlikler henizem deslapky ýagdaýda «end-to-end encryption» arkaly şifrlenmeýär.