Apple kompaniýasynyň hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Eddi Kýu gözleg tehnologiýalarynyň çalt üýtgeýändigini belläp, ýene 10 ýyldan iPhone-yň öz ähmiýetini hem ýitirmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada ABŞ-da Google kompaniýasyna garşy alnyp barylýan monopoliýa garşy iş boýunça kazyýet diňlenişiginde mälim etdi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Kýu ulanyjylaryň adaty gözleg ýerine, indi emeli aňdan has köp peýdalanýandyklaryny aýtdy. Mysal üçin, aprelde Apple enjamlary arkaly Google-da edilen gözlegleriň sany ilkinji gezek pese düşdi. Apple kompaniýasy Safari brauzerine ChatGPT, Claude we Perplexity ýaly emeli aň hyzmatlaryny goşmagy meýilleşdirýär. Bu hyzmatlar Google üçin alternatiwa bolup biler. Google bilen hyzmatdaşlyk Apple üçin uly girdeji çeşmesi bolup durýar. Ýöne eger kazyýet bu hyzmatdaşlygy bäsdeşlige garşy diýip ykrar etse, kompaniýa uly maliýe ýitgisini başdan geçirer. Şunuň bilen birlikde, Kýu täze emeli aň mümkinçilikleriniň Apple üçin täze ýol açýandygyny aýtdy. Siri-de eýýämden ChatGPT ulanylýar we geljekde Google Gemini-ni hem goşmak meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir