Huawei kompaniýasy HarmonyOS 5 (HarmonyOS NEXT) operasion ulgamyny hödürledi. Bu ulgam häzirki zaman emeli aň mümkinçiliklerine eýe bolup, esasan-da Hytaýyň kompýuter bazaryna gönükdirilendir. Bu barada «Huawei Central» habar berýär. Resmi maglumatlara görä, stol kompýuterleri üçin niýetlenen HarmonyOS 5 ulgamy Huawei-niň smartfonlary, planşetleri we noutbuklary bilen bökdençsiz integrirlenýär we müňden gowrak enjam bilen işleýär. Şeýle-de bu ulgam emeli aň algoritmleri esasynda işleýän birnäçe funksiýany hem goldaýar. Ulanyjy üçin amatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, taçpad we sensor ekranda hereketler arkaly dolandyryş girizilen. Mysal üçin, üç barmagyň bilen süýşürmek arkaly köp wezipeli iş tertibine geçmek mümkin. Mundan başga-da ulanyjylar indi diňe gözleriniň hereketi bilen kursory bir enjamdan beýlekisine geçirip bilerler. Huawei Share tehnologiýasy faýllary örän tiz geçirmäge mümkinçilik berýär. Howpsuzlyk taýdan ulgam maglumatlary şifrlemegi, programmalara diňe bir gezeklik rugsat bermegi, faýl paýlaşygyna çäklendirme girizmegi hem-de «super gizlinlik tertibini» öz içine alýar. Şeýle hem «Star Flash Find» programmasy arkaly enjamy öçürilen bolsa-da tapyp bolýar. Xiaoyi atly emeli aň kömekçisi sesli buýruklar, tekst hem-de suratlar bilen işläp bilýär. Mysal üçin, kömekçiden suratyň içindäki teksti alyp, ony terjime etmegini (21 dili goldaýar), şablon, prezentasiýa ýa-da ýol görkeziji düzmegini, gürrüňiň gysgaça mazmunyny häzirki wagtda taýýarlamagyny ýa-da dürli näsazlyklary düzetmäge ýardam bermegini haýyş edip bolýar. Bu ulgam ilkinji gezek Huawei MateBook Pro kompýuterinde görkezildi. HarmonyOS bilen enjamlaşdyrylan ilkinji kompýuterler Hytaýda 19-njy maýda tanyşdyrylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir