Koenigsegg Jesko Absolut giperkary ýarym mil – takmynan, 800 metr aralykda tizlik rekordyny goýdy. Ulag tizligini 359,83 km/sag çenli artdyryp, Hennessey Venom F5-iň öňki netijesinden geçdi. Bu ulag tizligini 357,11 km/sag çenli artdyrypdy. Sürüş garaşsyz synçylar gatnaşmazdan geçirildi, şonuň üçin ulagyň netijesi heniz resmi taýdan ykrar edilmedi. Muňa garamazdan, Koenigsegg kompaniýasy Jesko Absolut giperkarynyň bu aralykda iň tiz köpçülikleýin awtomobil bolandygyny nygtaýar. Markanyň esaslandyryjysy Kristian fon Kenigsegg munuň asfalt ýolunda hakyky synag bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu iş ýüzünde subut edilen üstünlikdir. Iki giperkaryň arasyndaky tapawut 2,72 km/sag boldy. Jesko Absolut öňem haýran galdyryjy netijeleri görkezipdi. Ol 2023-nji ýylda 27,83 sekuntda tizligini 0-dan 400 km/sag çenli artdyrdy we soňra doly saklandy. Bu görkeziji hem rekord boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir