Los-Anjelesiň Ýadygärlik kolizeýi we Inglwuddaky stadion 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin esasy meýdança bolup hyzmat eder. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) saýtynda habar berilýär. Olimpiadanyň resmi açylyşy 14-nji iýulda bolar we birbada iki stadionda geçer. Kolizeý üçin bu eýýäm üçünji açylyş dabarasy bolar – ozal bu ýer 1932-nji we 1984-nji ýyllaryň Oýunlaryny kabul edipdi. Ýakynda gurlan Inglwuddaky stadion bolsa şeýle çäräni ilkinji gezek geçirer. Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 30-njy iýulda Ýadygärlik kolizeýinde bolar. Şeýle-de, bu meýdançalarda geçjek sport dissiplinalary belli boldy. Ýadygärlik kolizeýinde ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçiriler. Inglwuddaky stadion bolsa wagtlaýyn sportuň suw görnüşleri üçin taýýarlanar. HOK tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň hem açylyş dabarasynyň 15-nji awgustda Inglwuddaky stadionda geçiriljekdigini habar berdi. Paralimpiadanyň ýapylyşy 27-nji awgustda Los-Anjelesdäki Kolizeýde geçer.