ClearSpace kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi tarapyndan amala aşyrylýan Active Debris Removal (ADR) maksatnamasynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Missiýanyň bu bölegi Ýere golaý orbitada ýerleşýän hatardan çykan hemralary tutmak we aýyrmak üçun zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi. Bu tapgyryň üstünlikli tamamlanmagy kompaniýany kosmos zibili meselesini çözmäge ýakynlaşdyrýar. Synaglaryň dowamynda ClearSpace mehaniki eli öz berkligini we raketany uçuranyňda ýüze çykýan kynçylyklara çydamlylygyny görkezdi. Şekilleri gaýtadan işlemek algoritmi hem üstünlikli synagdan geçip, ulgamyň kosmos zibilini tapyp, ony yzarlap biljekdigini görkezdi. Mundan başga-da, kompaniýa hemranyň ýörite maketini ulanyp, nyşana ýakynlaşmak boýunça synaglary geçirdi. Amaly synaglardan başga-da, ClearSpace Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi üçin jikme-jik hasabaty taýýarlady, bu bolsa geljekki missiýalar üçin peýdaly bolar. Häzirki wagtda Britaniýanyň Kosmos agentliginiň 2026-njy ýyla meýilleşdirilen pes orbitadan iki döwük hemrany aýyrmak şertnamasy üçin Astroscale ýapon kompaniýasynyň we Şweýsariýanyň ClearSpace kompaniýasynyň Britaniýadaky bölümçeleri bäsleşýär. Kompaniýalaryň ikisi-de kosmos zibilini aýyrmak we hemra hyzmaty ugrunda öz tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär. Bu taslamada ClearSpace-iň hyzmatdaşlary bolup Portugaliýanyň Critical Software, Ispaniýanyň Indra-Deimos, Angliýanyň Plextek we Amerikanyň Spirit AeroSystems kompaniýalary çykyş edýär. ADR missiýasynyň ikinji tapgyrynda ClearSpace bilen hyzmatdaşlyk Indra-Deimos kompaniýasyna dolandyryş, nawigasiýa we ýakynlaşmaga gözegçilik algoritmlerini işläp taýýarlamagy, Plextek kompaniýasyna bolsa kosmosda ýakynlaşmak we birleşmek amallary üçin öz radaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmäge mümkinçilik berdi.