Warner Bros. kinostudiýasy Ortaýer älemine esaslanýan täze filmiň çykjak senesini aýtdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” (Властелин колец: Охота на Голлума) atly film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kinoteatrlarda çykar we meýilleşdirilen iki filmiň birinji bölümi bolar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Iki bölümiň hem režissýory hökmünde Endi Sýorkis çykyş eder, şeýle-de ol Gollumyň keşbine gaýdyp geler. Taslamanyň üstünde işlemäge Fren Uolş we Filippa Boýens bilen bilelikde prodýuser hökmünde Ortaýer baradaky öňki kinotrilogiýalaryň režissýory bolan Piter Jekson hem goşuldy. Olar bilelikde Tolkiniň eserleriniň öňki ekranlaşdyrmalarynyň üstünde işläpdi. Film “Hobbit” we “Ýüzükleriň hökümdary” filmlerinde kadr aňyrsynda galan wakalara – Gollumyň geçmişine ünsi jemlär.