The Ring žurnaly agram derejesine garamazdan (Pound-for-Pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny super agyr agramda dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik saklady. Ýöne sanawda üýtgeşmeler hem bar: ýakynda Uilýam Skulldan üstün çykan Saul Alwares ýedinji orundan sekizinji orna düşdi. Iki agram derejesinde öňki dünýä çempiony Dewin Heýni bolsa sanawdan çykdy. Ol öň dokuzynjy ýeri eýeleýärdi, ýöne ýürekgysgynç söweşde Hose Ramiresi emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňenden soň, ol ilkinji onlukdan aýryldy. The Ring reýtinginiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde: Aleksandr Usik Naoýa Inoue Terens Krouford Dmitriý Biwol Artur Beterbiýew Jessi Rodriges Dzunto Nakatani Saul Alwares Ken Şiro Dewid Benawides Belläp geçsek, Usigiň indiki söweşi 19-njy iýula Londondaky “Uembli” stadionynda meýilleşdirilýär. Ol Daniel Dýubua bilen duşuşar. Olaryň geçenki söweşi 2023-nji ýylyň awgustynda geçirildi we ukrainalynyň dokuzynjy raundda nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Soňky gezek Usik 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ringe çykdy – şol söweşde ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Taýson Fýuriden üstün çykdy. Onuň hasabynda 23 ýeňiş bolup (14-üsi nokaut bilen), ol ýeňilmän galýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir