“Mançester Ýunaýtediň” öňki meşhur futbolçylary Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” futbol klubunyň egindeş eýeleri boldy. Bu klub häzirki wagtda ABŞ-nyň dördünji diwizionynda çykyş edýär. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi. “Men Solfordda ulaldym. Meniň ol ýerde ýaşan döwürlerim barada gowy ýatlamalarym bar. Bu ýer we onuň ýaşaýjylary meniň futbol karýeramda möhüm rol oýnady. “Solford Siti” öz jemgyýetiniň ýüreginde ýerleşýär. Onuň baý taryhy bar we men indiki babyň bir bölegi bolmaga şat” – diýip, Bekhem kluby satyn almagy barada teswir berdi. The Athletic neşiriniň maglumatlaryna görä, öň klubuň paýnamalar bukjasyna eýeçilik eden Piter Lim gidenden soň, Bekhem we Newill “Solford Sitä” sport netijelerini gowulandyrmaga kömek etjek täze maýadarlary gözläp başlady. Netijede, “MÝ-niň” öňki oýunçylaryna Consello amerikan kompaniýasynyň esaslandyryjysy Deklan Kelli, Laun-tennis assosiasiýasynyň başlygy wezipesini eýeleýän lord Merwin Dewis goşuldy. Olaryň dördüsi-de “Solfordyň” müdirler geňeşiniň egindeş başlyklary bolar.