Faraon Tutanhamonyň kolleksiýasyndan artefaktlaryň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine getirildi. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi habar berdi. Muzeýiň resmi açylyşy 3-nji iýula meýilleşdirilýär. “Uly Müsür muzeýi Tahrirdäki Müsür muzeýinde ýerleşen “altyn faraon” Tutanhamonyň hazynasyndan 163 artefakty kabul etdi” – diýlip, edaranyň beýanynda aýdylýar. Ministr Şerif Fathi artefaktlaryň tassyklanan meýilnama laýyklykda açylyşa taýýarlygyň çäklerinde geçirilýändigini belledi. Muzeýe eýýäm dabara kürsüsi, bezeg önümleri eltildi. Soňrak ol ýere galan artefaktlar hem äkidiler. Faraonyň aramgähi 1922-nji ýylda Luksordaky Şalar jülgesinde arheolog Goward Karter tarapyndan tapyldy. Kolleksiýa, şol sanda meşhur altyn maska uzak wagtlap Tahrirdäki muzeýde saklandy. Täze muzeýde oňa aýratyn zal bagyşlanar. 2024-nji ýylyň oktýabryndan bäri Uly Müsür muzeýinde 12 sergi zalyndan onusy baryp görmek üçin açyk. Ozal diňe giriş zalyny, uly basgançagy, söwda zolaklaryny we baglyklary görüp bolýardy. Ministrligiň maglumatlaryna görä, edara ýylda 3 milliona çenli syýahatçy kabul etmegi meýilleşdirýär. Muzeý “dünýä sowgat” diýlip atlandyrylýar. Açylyş dabarasyna dünýäniň köp ýurtlarynyň liderlerini çagyrmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk 2005-nji ýylda başlady we açylyş möhleti ençeme gezek yza süýşürildi. Muzeý 90 müň inedördül metr meýdany eýeleýär we ekspozisiýalary, dikeldiş ussahanalaryny, çagalar muzeýini, maslahat zallaryny, kafeleri, restoranlary we seýilgähleri öz içine alýar.