Dünýäniň birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi, italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iň ýokary baýragyny – “Altyn ýakany” (Collare d’Oro) aldy. Baýragy türgene MOK-nyň prezidenti Jowanni Malago gowşurdy. Gurama Sinneriň tälimçisi Simone Wanossini hem sylaglady – ol tehniki hyzmatlary üçin “Altyn palma şahasyny” (Palma d’Oro) aldy. “Bu karýeramda iň abraýly baýraklaryň biri. Bu meniň şahsy karýeramyň çäginden çykýar. Adamlaryň goldawy maňa köp ýyllaryň dowamynda, aýratynam, iň kyn pursatlarda uly güýç berdi. Geçen ýyl meniň üçin aňsat bolmady: ýeňişleri italýan janköýerleri bilen paýlaşmak gowy zat” – diýip, Italiýanyň MOK-nyň saýty Sinneriň sözlerini getirýär.