Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy. Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy. DS Luminascreen radiator gözenegi fransuz baýdagynyň reňklerinde – gök, ak we gyzyl reňklerde yşyklandyrylýar. Üç reňkli nyşanlar we bamperdäki baýdak üçin saklaýjylar ulagyň statusyny görkezýär. Ýygnalýan ýumşak üçek bolsa awtomobili ýörişler üçin laýyk edýär. Interýer Dream Blue alkantarasyny we Nappa derisini ulanmak bilen gök reňkde ýerine ýetirildi. Gapy panelleri epinler bilen bezeldi, agajyň deregine bolsa ýelpewajyň şekilinde elde ýasalan çowdary sypalyndan mozaika ulanyldy. Salonda sanly enjam paneli we 16 dýuýmlyk multimedia displeýi oturdyldy. Konsolyň aşagynda, ähtimal, ýörite signallar üçin niýetlenen gizlin düwmeler bar. Öndüriji elektromobiliň tehniki aýratynlyklary barada maglumat bermedi. Diňe ulagyň geçýän menziliniň 750 km ýetýändigi belli. Awtomobil 245 at güýjüni berýän hereketlendiriji we 97,2 kWt/sag batareýa bilen enjamlaşdyryldy. Ýöne sowut goragy hakyky dinamikany we netijeliligi peseldip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir