Amerikaly milliarder Bill Geýts öňdäki 20 ýylyň dowamynda özüniň ähli emlägini haýyr-sahawata bagyş etmekçidigini habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar. Bu barada özüniň internet sahypasynda habar beren Geýts soňky döwürde telekeçi Endrýu Karneginiň: «Baý bolup ölen adam masgara bolup ölen adamdyr» diýen sözi barada köp pikir edendigini gürrüň berdi. «Hut şonuň üçin men öz ähli pulumy öň göwnüme düwenimden tiz jemgyýete gaýtaryp bermek kararyna geldim. Öňdäki 20 ýylyň dowamynda men Geýtsiň gaznasynyň üsti bilen tutuş dünýäde adamlary halas etmek hem-de durmuşlaryny gowulandyrmak maksady bilen harçlamakçy» diýip, «Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjy ýazdy. Işewür şeýle hem özüniň haýyr-sahawat gaznasynyň meýilleşdirileninden has öň, ýagny 2045-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ýapyljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir