Gaty diskleri we maglumatlary saklamak üçin enjamlary öndüriji «Seagate Technology» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli sygymy 100 terabaýat bolan gaty diskleri öndürmekçi diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «caliber.az» habar berdi. «Bu nämä gerek?» diýip, pikir etmegiňiz mümkin, emma bu köp adama gerek» diýip, kompaniýanyň işewürlik direktory Ban-Sen Teh belledi. Ol emeli aňyň ýörgünli bolmagy bilen baglylykda, data-merkezler tarapyndan gaty disklere islegiň artandygyny nygtady. «Bu bazara maglumatlary saklamakda zerur möçberleri elýeterli eder, sebäbi bazar üçin gerek ösüşi üpjün etmekde uly sygymy hödürläp biljek başga tehnologiýalar ýok» diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi. «Seagate» kompaniýasynyň häzire çenli ulanyşa goýberen iň uly sygymly enjamy 36 TB-lykdyr. Ol ýanwarda satuwa çykdy.