Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow 1945-nji ýylda neşir edilen «Prawda» we «Sowet Türkmenistany» gazetleriniň ýörite kagyzda çap edilen nusgalary bilen tanyşdyryldy. Metbugat neşirleriniň taryhy sanlary Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. «Sowet Türkmenistany» gazeti häzirki «Türkmenistan» gazetidir. Ol 1920-nji ýylda neşir edilip başlanýar. Şu ýylyň 29-njy iýulynda bu baýry metbugat neşiriniň döredilmegine 105 ýyl bolýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna onuň žurnalistleridir beýleki dürli kärdäki işgärleri hem gatnaşypdyrlar.