Waşington öňdäki hepdede Hytaýdan import edilýän harytlar üçin gümrük pajynyň 145 göterim bolanlygyndan 50 göterime çenli kemeldiljekdigini yglan etmäge taýýarlanýar. Bu barada «New York Post» gazetine salgylanýan TASS habar berdi. «Olar paçlary gepleşikleriň geçirilýän wagty 50 göterime çenli azaltmaga taýýarlanýarlar» diýip, ady tutulan neşiriň söhbetdeşi aýtdy. Şu hepdäniň ahyrynda Şweýsariýada ABŞ bilen Hytaýyň wekilleriniň arasynda söwda gepleşikleri başlanar. Amerikaly ýolbaşçylar ylalaşyk baglaşmagyň ýeňil düşmejekdigini çaklaýarlar diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir