Kaşaň hem ýokary derejeli erkek egin-eşikleriniň meşhur brendi bolan «Enrico Marinelli» Aşgabatdaky iş gerimini giňeltmek bilen, ikinji söwda dükanyny açýar. Täze «Enrico Marinelli» butigi «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 2-nji gatyndaky C28 dükanynda ýerleşýär we eýýämden ilkinji müşderilerini garşylaýar. Ikinji dükanyny açmak bilen birlikde, brend egin-eşikleriniň 2025-nji ýylyň täze ýaz-tomus kolleksiýasyny hem hödürledi. Brendiň muşdaklary «Enrico Marinelli»-niň esasy alamaty bolan — döwrebap siluetlere, ajaýyp stiline we däp bolan ýokary hiline baha berip bilerler. Kolleksiýada her bir erkek kişiniň özboluşly aýratynlygyny görkezip biljek ajaýyp aksessuarlar hem bar. Indi italýan kaşaňlygynyň dünýäsine aralaşmak üçin Aşgabadyň iki ýerinde ýerleşýän «Enrico Marinelli» dükanlaryna baryp bilersiňiz. «Enrico Marinelli» butikleriniň salgysy: «Berkarar», 2-nji gat, C28 butigi. Telefon belgisi: (+993 71) 13 01 13; 10 ýyl Abadançylyk köçesi, «Kia Motors» binasy. Telefon belgisi: (+993 71) 13 05 13; sosial media ulgamyndaky sahypasy.