9-njy maýda Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilip geçilýär. Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklary barada aýdylýar. Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ýüzden gowrak watandaşlarymyz Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Müňlerçe türkmenistanlylar söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň we belent adamkärçiligiň nusgasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen günleri ýurdumyz we halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli waka beslendi. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin paýtagtymyza gelipdi. Bu şanly waka Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmagyň we dostluk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir