8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy we wise-premýerler şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanýandygyny aýtdy. Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär. Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda uly baýramyň — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlarymyzy hatyralap gül goýmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistan Serdar Berdimuhamedow

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir