8-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli giň gerimli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir