Titaner kompaniýasy 100 ýyl hyzmat etjek Dragon Pearl ruçkasyny döretdi. Ol tutuşlygyna diýen ýaly, hatda içki pužiny hem 5-nji derejeli titandan ýasalan. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, mehanizm milliondan gowrak gezek basylmaga çydap biler. Ruçkanyň esasy aýratynlyklary - çydamlylyk we modullyk. Düwme akgynly basylýar, onuň hereketi bäbegiň endamyna galtaşan ýalydyr. Korpusy büdür-südür ýa-da gyraňlanan görnüşde bolýar. Uçjagazyny çalşyp hem bolýar. Bir wariant, sterženini aýyrsaň, gyssanan ýagdaýyňda taplanan polatdan ýasalan peýkam ýaly, onuň bilen aýnany döwmek bolar. Öndüriji goşmaça grafit “baky” galam, tyg, otwýortka we beýleki gurallar ýaly uçluklary çykarmagy meýilleşdirýär. Galamyň gysgyjyna gaty daşdan ýasalan kiçijik şarjagaz ýerleşdirildi. Ol diňe bir bezeg bolman, eýsem eşigiň matasyny könelmekden goraýar. Üç reňki bar: gyzyl, gök we gara. Dragon Pearl-e meşhur brendleriň çalşyp bolýan sterženlerini hem dakyp bolýar, şeýle hem Titaner-iň suw astynda hat ýazmak üçin niýetlenen ýörite wersiýasyna hem gabat gelýär. Her nusga özboluşly belgi we çykyş senesi berilýär. Agramy - takmynan 30 gram, boýy adaty galamdan gysga. Kraudfanding kampaniýasynyň çäklerinde ruçkanyň bahasy 100 dollardan çala geçýär. Satylyp başlanansoň bahasy iki esse diýen ýaly ýokarlanar. Alyjylara önümiň onlarça ýyl hyzmat etjekdigi wada berilýär. Bu bütin ömrüňe ýanyňda göterip, nesilleriňe miras goýup boljak şahsy zat. Döwlen ýagdaýynda 100 ýyl kepillik möhleti bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir