Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy. Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir. Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi. Indi taýyn resminamany almak üçin “PDF formatda” ýa-da “output as PDF” jümlesini goşmak bilen, buýrugy girizmek ýeterlikdir. Täze funksiýanyň kömegi bilen okuw materiallaryny, hasabatlary, prezentasiýalary we beýleki resminamalary döredip bolýar. Mysal üçin, Grok obložkany bezemek, sahypalaryny belgilemek, suratlary, grafikany we jedwelleri goşmak bilen mekdep žurnalyny döredip biler. Şeýle-de ulanyjy öz faýlyny hem goşup biler - bot döredende şol maglumatlary göz öňünde tutýar. Grok-da PDF döretmek boýunça görkezmeler: Grok-yň resmi web sahypasyna girmeli; Buýrugy giriziň we “PDF formatda” diýip goşmaly; Döretmek işi gutarýança garaşmaly; Setiriň ýokarky çep burçundaky “Faýla ýükle” düwmesine basmaly. Sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu funksiýany ulanmagyň usullaryny eýýäm paýlaşýarlar - rezýumeni, hasap-fakturany, talyp işlerini we hasabatlary döretmek üçin Grok-dan peýdalanýarlar. Bu funksiýa Grok-yň web wersiýasynda bar. Onuň haçan ykjam wersiýada peýda boljagy entek belli däl. Abuna ýazylmak hökman däl.