ABŞ-nyň söwda balansynyň defisiti mart aýynda fewral bilen deňeşdirilende 14% ýokarlanyp, rekord dereje bolan 140,5 milliard dollara ýetdi. Bu maglumatlary Ykdysady seljeriş býurosy mälim etdi. 2024-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, bu defisit iki esse diýen ýaly artdy – 92,6%. «Bloomberg» agentliginiň soragnamasyna gatnaşan analitikleriň ortaça çaklamalary 137,2 milliard dollar töweregindedi. Mart aýynda ABŞ-nyň eksporty 278,5 milliard dollar bolup, fewral bilen deňeşdirilende bary-ýogy 0,2% ýokarlandy. Şol bir wagtda import 4,4% artdy – 419 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, import 23,3% ýokarlandy. Bu ösüşiň esasy sebäbi daşary ýurtlardan, esasanam, Hytaýdan getirilýän harytlaryň işjeň satyn alynmagy boldy. Bu ýagdaý Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan girizilmegine garaşylýan täze gümrük paçlarynyň öňüsyrasynda ýüze çykdy. Kompaniýalar täze nyrhlar güýje girmezinden ozal, goşmaça çykdajylardan gaça durmak üçin ätiýaçlyklaryny köpeltdiler.