«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Uçar ýere gonmazdan, 15 müň 180 kilometrden hem köp aralyga uçup bilýär. Bu bolsa oňa dünýäniň islendik künjegine uçmaga mümkinçilik berýär. «Gulfstream G800» biznes-jeti «Rolls-Royce Pearl 700» hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan we aerodinamiki dizaýn bilen üpjün edilen. Şonuň netijesinde, onuň tizligi sagatda 1147 kilometre çenli ýetýär. Uçar 19 ýolagçyny daşamaga ukyply.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir