ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi. FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy aşakdaky çäreler üçin resmi taýdan rugsat aldy: Tehasdaky «Ýyldyz bazasynda» ikinji uçuş meýdançasyny gurmak; Ýylda 25 gezek Starship transport ulgamynyň uçuşlaryny geçirmek; Kämilleşdirilen Starship we Super Heavy modellerini uçurmak; Starship we Super Heavy raketalaryny Amerikan aýlagyna, Hindi we Ýuwaş ummanlaryna gondurmak; Starship we Super Heavy raketalaryny deňiz platformalaryna gondurmak. Şeýle-de SpaceX kompaniýasy indi uçuşlarda näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda uçuşlary togtatmaga ýa-da derňew geçirmäge mejbur däl. Bu çäreler kompaniýanyň Starship ulgamyny has çalt ösdürmegine mümkinçilik berer.