Rockstar Games GTA 6-nyň ikinji treýleriniň ilkinji 24 sagadyň dowamynda 475 million gezek görlendigini we güýmenje pudagynda rekord goýandygyny habar berdi. Ozalky rekord «Dedpul we Rosomaha» (Deadpool & Wolverine) filmine degişli bolup, ol 365 million gezek görlüpdi. GTA 6-nyň birinji treýleri diňe YouTube-da neşir edilipdi we 93 million gezek görlüpdi. Täze wideorolik bolsa, PlayStation we Xbox-yň YouTube kanallarynda hem ýerleşdirilip, dürli platformalarda elýeterli edildi. Treýlerde ulanylan The Pointer Sisters toparynyň «Hot Together» aýdymy eýýäm hite öwrüldi. Spotify hyzmatynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, aýdymy diňlenişi 182 müň göterim artdy. Rockstar Games treýler bilen bir hatarda, resmi web sahypasynda oýnuň wakalary barada bölüm işe girizdi. Oýnuň düşündirişine görä, oýnuň esasy gahrymanlary Jeýson Dýuwal we Lusiýa Kaminos bolar. Bu jübüt jenaýatly dildüwşügiň merkezine düşüp, kynçylykdan bilelikde çykmaga çalşarlar. Şeýle hem sýužetde Jeýsonyň dosty Kel, köçe söwdagäri Bubi Aýk, özüni gangster diýip tanadýan Dre’kuan Prist, rep-duet Real Dimez, ogry Raul Batista we beýleki birnäçe keşpler peýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir