Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir. Mitsubishi Motors North America-nyň prezidenti Mark Çaffiniň aýtmagyna görä, elektrokrossower “içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň, gibrid we elektrik güýç enjamlarynyň arasynda deňagramlylygy saklamagy” we “müşderileriň zerurlyklaryna laýyk gelýän tehnologiýalary hödürlemegi” göz öňünde tutýan strategiýanyň bir bölegi bolar. Model Renault-Nissan-Mitsubishi ylalaşygy boýunça hyzmatdaş bolan Nissan Motor kompaniýasynyň gatnaşmagynda dörediler. Täze awtomobil indiki nesil Nissan Leaf ulagyna esaslanar. Şol bir wagtyň özünde, model Mitsubishi-niň firma stiline eýe bolup, sebitde brendiň bäşinji krossoweri bolar. Modeliň tehniki aýratynlyklary barada häzirlikçe maglumat berilmeýär. Mitsubishi-niň Demirgazyk Amerika üçin geljekki awtomobil hatarynyň tizerinden ugur alsaň, Leaf-den daşky tapawutlar az bolar. Ähtimal, kuzowyň öň we yz bölegi, nyşanlar we bezeg elementleri üýtgäp biler. Elektrokrossower kompaniýanyň Momentum 2030 atly uzak möhletleýin strategiýasynyň bir bölegi bolar. Meýilnama görä, 2026-njy ýyldan 2030-njy ýyl aralygynda Mitsubishi her ýyl bir täze ýa-da düýpgöter üýtgedilen modeli çykarar. Ilkinji ädim Outlander-iň üýtgedilmegi bolar. Şeýle-de, täze krossowerleri çykarmak meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir