Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy. Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi. Täze suratlar bu ýeriniň dürli ýyllarda: 1998, 2006, 2020, 2024 we 2025-nji ýyllarda nähili bolandygyny görkezýär. Has soňky suratlarda bütin dünýäde millionlarça adamyň her gün öz ekranlarynda gören ýaşyl baýyrlarynyň ýitendigi aýdyň görnüp dur. Indi olaryň ýerinde üzümlik bar. Köp ulanyjylar bu ýagdaýdan lapykeç boldy. Olaryň biri teswirlerde öň bu ýerlerde bolmagy arzuw edendigini, indi bolsa gynanýandygyny ýazýar. Beýlekisi bolsa gören zatlarynyň onda sussupeslik döredýändigini belläpdir. “Asudalyk” suratynyň taryhy şeýle: Çarlz O’Rier bu suraty Napa okrugynyň golaýyndan geçip barýarka aldy. Onuň ünsüni üzümlikleriň arasyndaky arassa meýdan özüne çekdi. Görlüp oturylsa, surat düşürilmezden bir ýyl ozal bu meýdan üzüm çybyklarynyň zyýankeşi bolan fillokseralardan zyýan çekipdir we wagtlaýyn arassalanypdyr. Hut şonuň üçin 1998-nji ýylyň suratynda ýaşyl giňişlikler görünýär. Soňky suratlarda üzümlikleriň kem-kemden dikelmegi bolsa geň däldir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir