ABŞ-da Tesla-nyň ammarlarynda 10 000-den gowrak alynmadyk Cybertruck bar. Hasaplamalara görä, olaryň umumy bahasy 721 mln ýewro (809 mln dollardan gowrak) golaýlaýar. Kompaniýanyň öňdebaryjy önüm diýip görkezen modeli satuw boýunça çaklamalary ödemedi diýip, ArenaEV ýazýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, soňky aýda satyn almak üçin elýeterli bolan Cybertruck-yň sany ep-esli artdy. Bu diňe bir üpjünçiligiň ýokarlanmagy bilen däl-de, eýsem kompaniýanyň ulagyň dürli wersiýalaryny arzanladyp başlamagy bilen baglanyşyklydyr. Çünki, bu kompaniýanyň köpdürlülik illýuziýasyny döredip, hakykatda şol bir model üçin dürli bahalary hödürleýändigi baradaky pikire getirýär. Cybertruck-yň ortaça bahasy 70 300 ýewro (takmynan, $79 müň) barabar. Bilermenler meseläniň önümçiligiň ýokarlanmagy bilen däl-de, islegiň gowşak bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Tesla eýýäm önümçilik depginini haýallatdy, bu bolsa alyjylar tarapyndan gyzyklanmanyň pesdigini tassyklaýar. Satylmadyk awtomobilleriň bir bölegi 2024-nji ýylda öndürildi. Olardan käbiri geçen ýylyň oktýabrynda önümçiligi bes edilen çäkli Foundation Series seriýasyna degişlidir. Bu ulaglar ammarlarda birnäçe aýlap durýar. Islegi janlandyrmak üçin kompaniýa yzky herekete getiriji, ýöne şol bir akkumulýator bilen has elýeterli wersiýany hem hödürledi. Ammardaky häzirki ulaglar, takmynan, iki çärýek satuwa deň. Ilkibaşdaky meýilnama ýylda 250 000-e çenli ulagy öndürmegi göz öňünde tutupdy, ýöne indi hatda 20 000-üsini satmak-da başartmasa gerek. Wedbush Securities maýa goýum kompaniýasyndan analitik Den Aýwz Cybertruck-yň önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylyp bilinjekdigini çaklaýar. Tesla häzirlikçe bu ýagdaýa teswir bermedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir