“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) remeýkiniň 12-nji iýuna meýilleşdirilen premýerasyna bir aý galanda taslamanyň täze IMAX treýleri çykdy. Ol 2010-njy ýylyň asyl multfilminden muşdaklara tanyş bolan esasy pursatlary açyp görkezýär. Režissýor Din DeBlua wakany täzeçe düşündirmek üçin franşiza gaýdyp geldi. Jerard Batler ýene-de serdar Stoik Äpediň keşbini ýerine ýetirdi. Treýler Ikingiň (Hiccup) aždarha Dişsiz (Gijeki Furiýa) bilen ilkinji duşuşygyny, olaryň kem-kemden ýüze çykýan dostlugyny we tolgundyryjy ilkinji uçuşy görkezýär. Treýlerde Dişsiz ilkibaşda Ikinge hüşgär garaýar, ýöne tiz wagtdan olaryň arasynda gatnaşyk gurulýar. Tomaşaçylar Iking bilen Dişsiziň çägede surat çekişini, şeýle-de onuň döreden esbabyny ulanyp, uçuşa taýýarlygy görer. Wakanyň kulminasiýasy asmandaky epiki söweş bolar. Remeýkiň köp sahnalary asyl multfilmi gaýtalaýar, ýöne Dişsiz täzelenen, özüne çekiji keşbe eýe boldy. Sahnalaryň birinde Iking “Biziň siz barada bilýän zatlarymyzyň ählisi ýalan” diýmek bilen, oglunyň pikirlerine garşy çykýan kakasy Stoik bilen gapma-garşylygy görkezýär. CinemaCon-da görkezilenden soňky ilkinji synlar bu remeýki öz žanrynda iň gowularyň biri diýip atlandyrýar.