Täzeden dizaýn edilen «Toyota Corolla Cross 2026» tanyşdyryldy. Ol hem täzelenen görnüşi, hem-de täze «GR Sport» görnüşi bilen hödürlenýär diýip, «Carscoops» habar berýär. Krossower petek şekilli gözenek, daraldylan faralar we ýokary derejeli görnüşlerinde LED çyralar bilen üpjün edilen. Şeýle-de ulag täze yzky çyralary we 18 dýuýmlyk diskleri bilen tapawutlanýar. Model öňküsi ýaly TNGA-C platformasynda galýar. Salonynda ulaldylan merkezi konsol, täze geçiriş selektory, smartfonlar üçin simsiz zarýad beriji, 10,5 dýuýmlyk multimediýa ekrany we 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli bar. Ýewropa bazary üçin 138 at güýjündäki 1,8 litrlik we 194 at güýjündäki 2,0 litrlik iki sany gibrid hereketlendiriji bilen hödürlenýär. Olaryň ikisem elektromotor we wariator bilen işleýär. Ulag «Toyota Safety Sense 3.0» howpsuzlyk toplumy bilen üpjün edilen, bu bolsa uýgunlaşýan kruiz-kontrol we dessin tormoz ulgamyny öz içine alýar. «GR Sport» görnüşi «GR Corolla» äheňindäki bamperi, 19 dýuýmlyk gara diskleri we eksklýuziw Storm Grey reňki bilen tapawutlanýar. Asma ulgamy 10 mm peseldilen, rulyň dolandyryşy täzeden sazlanan, şeýle-de rulyň arkasyna tizligi el bilen geçirmäge mümkinçilik berýän lepestoklar we Sport tertibi goşulan. Ýewropada satuwlar 2025-nji ýylyň ortalarynda başlar.