Samsung kompaniýasy Galaxy F hatarynda iň inçe smartfon bolan täze Galaxy F56 smartfonyny çykardy. Korpusyň ýogynlygy – bary-ýogy 7,2 mm. Aprel aýynyň ortalarynda çykan Galaxy M56 smartfony hem şeýle korpusa eýe bolupdy. Samsung Galaxy F56 Full HD+ durulygy we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk OLED ekrany bilen enjamlaşdyryldy. Displeý berk Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen goralan we 1200 nite çenli ýagtylyga eýe boldy. Smartfonyň işine Exynos 1480 prosessory, öndürijilige 8 GB LPDDR5X operatiw ýady jogap berýär. Içki ýat 128 ýa-da 256 GB bolup biler. Satyn alnandan soň smartfona One UI 7 interfeýsi bilen iň täze Android 15 operasion ulgamy gurnalar. Öndüriji operasion ulgamyň alty uly täzelenmesini wada berýär. Netijeli sowadyş üçin “bug kamerasy” ulanylýar. Smartfon 5000 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy we 45 Wt çalt zarýad berşi goldaýar. Yzky panel hem Gorilla Glass Victus+ aýnasy bilen goralan, gapdal çarçuwasy plastikden, kamera blogy bolsa metaldan ýasalan. Smartfonyň esasy kamerasy 50 Mp bolup, optiki şekil durnuklaşdyrmasy bar we sekuntda 30 kadr ýygylygy we 10 bit HDR bilen 4K formatda wideo ýazyp bilýär. Frontal kamera – 12 Mp. Samsung Galaxy F56 smartfony Samsung Wallet töleg hyzmaty arkaly täze Tap & Pay funksiýasyny goldaýar, şeýle-de Samsung Knox howpsuzlyk ulgamy bar. Hindistanda eýýäm aşakdaky bahalar bilen smartfonyň satuwy başlady: ·8 GB operatiw we 128 GB içki ýat üçin 26 000 rupiýa (takmynan $304); ·8 GB operatiw we 256 GB içki ýat üçin 29 000 rupiýa (takmynan, $340).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir