Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly rotasy 9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiriljek Ýeňiş baýramynyň dabaraly harby ýörişine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl Moskwa şäherindäki 9-njy maý - Beýik Ýeňşe bagyşlanan dabaralara gatnaşmagy biziň doganlyk halklarymyzyň uly sarpasyndan nyşandyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýony 2010-njy hem-de 2020-nji ýyllarda Gyzyl meýdandaky harby ýörişe gatnaşdy. Olar 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hem Gyzyl meýdandan geçerler" diýip, ilçi “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda belläp geçdi. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uruşda wepat bolanlaryň hormat-sarpalanmagy babatda uly işler amala aşyrýandygyny belledi. Ilçiniň bellemegine görä, Ýeňiş güni türkmen topragynda hem uludan bellenýär. Aşgabatda we ýurduň dürli künjeklerinde konsertler, sergiler, kino filmleriň görkeziliş dabaralary geçirilýär. Şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül desselleri goýulýar. Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.