Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy türkmen raýatlary we ýurda girýän ähli ýolagçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet sahypasynda maglumat paýlaşdy. Täze düzgünlere laýyklykda, ýolagçylar Koreýa Respublikasyna girmezden öň, ýörite internet portaly arkaly elektron sapar kartasyny doldurmalydyrlar. Bu çäre pasport gözegçilik amallaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilýär. «Ýolagçylara Koreýa Respublikasyna sapar bilen barmazdan üç gün öň elektron sapar kartasyny doldurmagy maslahat berýäris, bu pasport gözegçiliklerinde bökdençlikleriň öňüni alar» diýlip, awiakompaniýanyň habarynda bellenilýär. Belläp geçsek, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat — Seul — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawlaryny ýola goýjakdygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir