Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Bu hadysa NASA-nyň Günorta ýarymşaryň orta giňişliklerinde geçiren synag maksatnamasynyň möhüm bölegi boldy. Uçuş 4-nji maýda ABŞ-da gündogar wagty bilen 7:46-da tamamlandy. Şonda aerostat Ýuwaş ummanynda Täze Zelandiýadan 813 km gündogarda suwa düşdi. Wirjiniýa ştatynda (ABŞ) ýerleşýän Uollops adyndaky Kosmos uçuş merkezindäki (WFF) ylmy howa şarlarynyň işini dolandyrmak boýunça NASA-nyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy Gabriel Gard bu üstünlikli uçuşyň arkasynda duran toparyň tejribesine we yhlasyna buýsanýandygyny aýtdy. Howa şary hem-de onuň bilen uçurylan ylmy enjamlar synag döwründe dogry işledi. Ylmy maksatlar ýerine ýetirilen hem bolsa, şaryň içinde ownuk syzmalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Gündizlerine uçuş wagty beýiklik saklansa-da, gijelerine, esasan-da sowuk sebitleriň üstünden uçanda, beýiklik peseldi. Şaryň durnuklylygyny saklamak üçin, goşmaça agramlardan (ballastlardan) doly peýdalanyldy. NASA şaryň ýagdaýyna gözegçiligi dowam etdirýär. Geljekki uçuşy bäş gün soň, Günorta Amerikanyň üstünden geçirmek meýilleşdirilýär. Bu howa şary ýokary basyşly we 532 müň kub metr göwrümli bolup, gündiz-gije temperaturasy üýtgese-de, şol bir beýiklikde uçup bilýär. Uçuşyň esasy maksady ýokary basyşly howa şarlarynyň tehnologiýasyny synagdan geçirmek we tassyklamak bolsa-da, bu şar bilen bilelikde NASA-nyň Kolorado ştatynyň Boulder şäherindäki Milli atmosfera gözleg merkeziniň Belentlik obserwatoriýasy tarapyndan işlenip düzülen, ýokary takyklyk bilen ýeliň tizligini ölçemäge ýardam berýän HIWIND enjamy hem daşalýar. HIWIND enjamy Ýeriň termosferasyndaky ýeliň tizligini ölçeýär, bu bolsa alymlara ionosferadaky üýtgeşmeleri çaklamaga ýardam berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir